Döwrebap gurluşykçy: Binagärik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk meýdançasynda tejribe okuwy

Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly ilkibaşyndan uly üstünliklere beslenip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyz binagärlik-gurluşyk pudagynda hem belent sepgitlere ýetär. 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda, hut özüniň gatnaşmagynda, Türkmen Döwlet Binagärlik-Gurluşyk Institutynyň täze binalar toplumynyň düýbi tutuldy. Bu waka professor-mugallymlary we talyp ýaşlary diýseň begendirdi. Ýaşlara täze tehnologiýalaryň esasynda bilim almak we ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

2025-nji ýylyň 24-nji martynda Binagärlik-Gurluşyk fakultetiniň “Senagat we raýat jaý gurluşygy” kafedrasy tarapyndan göçme okuw tejribesi guraldy. Bu tejribede kafedranyň mugallym öwrenijisi M. Myradowyň ýolbaşçylygynda 2-nji ýyl talyplary gatnaşyp, Türkmen Döwlet Binagärlik-Gurluşyk Institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşygy bilen ýakyndan tanyşdylar.

Okuw tejribesi wagtynda talyplara çyzgy esasynda baş meýilnamanyň gurluşygy, betonyň görnüşleri, izolýasiýa işleri, gurluşyk meýdançasynda hereket edýän inženerçilik ulaglary we binalaryň peýdalanyş aýratynlyklary barada giňişleýin düşündiriş berildi. Mundan başga-da, binagärlik we gurluşyk işlerinde ulanylýan döwrebap enjamlaryň aýratynlyklary hem düşündirildi.

Tejribelikde talyplar özleriniň ýyllyk işleri we diplom taslamalary üçin peýdaly amaly maglumatlary topladylar. Şeýle-de, binalaryň gurluşyk aýratynlyklary barada çuňňur tejribe gazanyp, gurluşyk ugrunda bilimlerini artdyrdylar.

Netijede, bu önümçilik tejribesi talyplar üçin ýokary derejede netijeli bolup, olaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, ýurdumyzyň gurluşyk pudagynda alnyp barylýan giň gerimli işler bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döretdi. Talyp ýaşlar bu tejribeden uly täsirler alyp, öz hünär ugurlarynda täze bilim we tejribe edinmek mümkinçiliklerini gazandylar.