Göçme okuw sapagy: talyplar gurluşyk işleriniň amaly taraplary bilen tanyşdylar

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Senagat we raýat jaý gurluşygy” kafedrasynyň mugallymy Nuryýew Meylisiň we mugallym Mämmetgulyýew Toýlynyň ýolbaşçylygynda 2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda göçme okuw sapagy geçirildi.

Bu okuw sapagynyň esasy maksady — gurluşykda giňden ulanylýan gurluş materiallarynyň gurluş aýratynlyklary bilen talyplary ýakyndan tanyşdyrmak, olaryň nazaryýetde alan bilimlerini amaly taýdan berkitmek we meýdan şertlerinde gurluşyk işleriniň geçirilşi baradaky düşünjelerini giňeltmekden ybarat boldy.

Okuw sapagy paýtagtymyzyň Görogly köçesiniň ugrunda ýerleşýän “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirilýän, 5000 orunlyk Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk meýdançasynda geçirildi.

Talyplar ýerinde gurluşyk işleriniň gidişi, gurluşyk serişdeleriniň görnüşleri, olaryň ulanylyş aýratynlyklary, berkidiliş usullary, inžener-tehniki üpjünçiligiň guralyşy, gurluşykda howpsuzlyk düzgünleriniň ýerine ýetirilişi ýaly meseleler bilen tanyşdylar.

Mugallymlar sapagyň dowamynda talyplara gurluşyk prosesiniň ähli tapgyrlarynyň utgaşykly alnyp barylmagynyň ähmiýeti, gurluşykda häzirki zaman tehnologiýalarynyň orny we netijeliligi barada giňişleýin maglumat berdiler. Şeýle-de, ýaş gurluşykçylaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmäge, olarda inženerçilik pikirlenmesini ösdürmäge gönükdirilen amaly synaglar hem geçirildi.

Şeýle göçme okuw sapaklary talyplaryň nazaryýet bilimlerini berkidýär, olaryň amaly başarnyklaryny ösdürýär we binagärlik-gurluşyk pudagynda hünär taýdan kämilleşmegine uly ýardam berýär. Şeýle çäreler ýaş binagärleriň döredijilik ukybyny ösdürmek, täze taslamalara innowasion çemeleşmäni ornaşdyrmak hem-de ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň ösüşine goşant goşjak hünärmenleri taýýarlamak babatda möhüm ähmiýete eýedir.


TDBGI