NOWRUZ BAÝRAMY MYNASYBETLY SPORT ÇÄRELERI GEÇIRILDI

Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Talyplar sport klubynyň we Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň gurnamaklarynda talyp ýaşlaryň arasynda sportuň türkmeniň milli göreşi we tanap çekmek görnüşleri boýunça sport bäsleşikleri ýaýbaňlandyryldy.

Bu sport çäreleri hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak, sportuň ähli görnüşleri boýunça sport bäsleşikleri yzygiderli geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Bu sport çäreler hem institutyň sport durmuşynda möhüm waka beslendi we talyplaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge öz goşandyny goşdy.