Meýletinçi talyplar bilen “Dil baýlygy – ýurt baýlygy” atly okuw seminary geçirildi

2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çärelerine meýletinçi talyplary ýokary derejede taýýarlamak, şeýle hem ýaşlary watansöýüji, giň gözýetimli edip ýetişdirmek, olara daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýetini wagyz-nesihat etmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Meýletinçiler merkeziniň we “Diller” kafedrasynyň gurnamagynda, institutymyzdan saýlanan 1-nji ýyl meýletinçi talyplary bilen “Dil baýlygy – ýurt baýlygy” atly okuw seminary geçirildi. 


TDBGI


Bu okuw seminarynda institutymyzyň iňlis dili mugallymlary çykyş edip, meýletinçi talyplara daşary ýurt dillerini öwrenmegiň häzirkizaman usullaryny we daşary ýurt dillerini bilmegiň artykmaçlyklary barada giňden söhbet etdiler. Uly mugallym, Meýletinçiler merkeziniň ýolbaşçysy K. Allabaýewa esasan meýletinçilik işinde meýletinçileriň daşary ýurtly myhmanlara türkmen halkynyň milli mirasy, medeniýeti we sungaty, däp-dessurlary, Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ajaýyp binalarymyz barada, şol sanda öz okaýan hünärleri barada gürrüň bermegi başarmalydyklaryny aýtdy.


TDBGI


 Şeýle hem, mugallym N. Garryýewa meýletinçi talyplaryň daşary ýurty myhmanlara meýletinçilik işini ýerine ýetirenlerinde özlerini alyp barmagyň etiketi dogrusynda peýdaly maslahatlary berdi. Ol öz çykyşynda meýletinçileriň saçak başynda, şeýle hem köpçülikde özüňi alyp barmagyň düzgünleri barada durup geçmek bilen, meýletinçilere bu düzgünleriň iňlis dilinde göçme manyda aýdylýan söz aňlatmalaryny mysal getirdi.


TDBGI


Institutymyzda hereket edýän IT ylmy-tehniki merkeziniň ýolbaşçysy uly mugallym G. Atamyradowanyň bu merkez baradaky çykyşy hem täsirli boldy. Ol bu merkezde nähili okuwlaryň gurnalýandygy we ol okuwlaryň many-mazmuny dogrusynda giňişleýin düşündirdi. Okuw seminarda Kompýuter  tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň 1-nji ýyl meýletinçi talyby Ruslanow Dawudyň “Köpdillilik – innowasion ösüşleriň binýady” atly temada iňlis dilindäki çykyşy meýletinçi diňleýjileri özüne çekdi.


TDBGI


Okuw seminaryň ahyrynda çykyş edenler daşary ýurt dillerini öwrenmäge giň ýol açyp berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp hoşallyklaryny bildirdiler.


TDBGI


Kümüş Allabaýewa, 
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 
“Diller” kafedrasynyň uly mugallymy, 
Meýletinçiler merkeziniň başlygy