Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanan degişli taslamalar esasynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty tarapyndan onlaýn okuw-usuly maslahaty geçirildi.
Bu okuw-usuly maslahata Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty işjeň gatnaşdy. Maslahatyň esasy temasy IT, oba hojalygy we “Ýaşyl ykdysadyýet” ýaly möhüm pudaklarda goldaw programmalaryny döretmek, şeýle hem has netijeli taslamalar üçin grantlary we salgyt ýeňilliklerini bermek meselelerine bagyşlandy. Şeýle-de duşuşykda başlangyç kärhanalary goldamak boýunça maksatnama we “Ýaşlaryň başlangyç kärhanalarynyň inkubatorlary” ulgamyny döretmegiň mehanizmleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Onlaýn okuw-usuly maslahaty 2025-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda, sagat 15:00-da geçirildi. Çärä ýokary okuw mekdepleriniň Ilkinji Ýaşlar guramalarynyň başlyklary, ýaşlar syýasaty boýunça jogapkärler, Ýaş alymlar geňeşiniň başlyklary hem-de ýaş alymlar gatnaşdylar.
Bu çäre ýurdumyzyň ýaşlarynyň döwrebap ugurlarda bilim we tejribe almagy, täze başlangyçlaryň hem-de innowasion taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etjek möhüm çäreleriň biri boldy.