2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 1-ine Inžener-mehanika fakultetiniň “Önümçiligi awtomatlaşdyrmak” kafedrasynyň mugallymlary we kafedrada taýýarlanylýan “Önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy” hünäriniň talyplary gurluşygy alnyp barylýan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynda göçme okuw sapagyny geçdiler. Häzirki wagtda bu ýerde birnäçe binalarda mermer dakmak işleri alnyp barylyp, birnäçesinde bolsa santehnika, elektrik we beýleki jaýyň içki böleklerine degişli işler ýokary derejede dowam etdirilýär. Talyp ýaşlar binanyň içinde maglumat-kommunikasiýa, elektrik geçirijileriniň, suw we howa çalşygy ulgamlarynyň dogry gurnalyşy barada giňişleýin maglumat aldylar hem-de binanyň içinde häzirki wagtdan her bir enjamyň awtomatiki, sanly ulgam arkaly işlemegi üçin alnyp barylmaly gurluşyk işleriniň biri-biri bilen baglanyşygyny öwrendiler. Gurluşyk işlerinde ilkinji ädimler bilen bilelikde bu işleri alyp barmak inženerçilik pikirleriniň bir ýere jemlenmeginden ybaratdyr. Döwrebap tehnologiýalar bilen üpjin edilýän Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binasynyň Inžener-mehanika fakultetinde robototehnika, manipulýatorlar, mehatronika, radioelektronika, programmirlenýän logiki kontrollerler bilen dolandyrylýan proseslere degişli we başgada birnäçe inženerçilik ugrundan tejribehanalar bolar. Şonuň üçin maksada laýyk maglumat-kommuniksiýa, elektrik we gorag ulgamlarynyň ýola goýulmagy institutyň gurluşygynda möhüm serişdeleriň biridir.