Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitabynyň many-mazmunyny açyp görkezmek hem-de ýaşlaryň arasynda giňden wagyz-nesihat etmek maksady bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde 2025-nji ýylda ýerine ýetirilmeli çäreleriň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan meýilnamasyna laýyklykda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetinde «Hakyda göwheri – zehiniň çyragy» atly terbiýeçilik agşamy geçirildi. Bu geçirilen çärede Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynda beýan edilýän türkmen halkynyň şöhratly taryhy we meşhur şahsyýetleri ýaş neslimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde aýratyn orun tutýandygy bellenildi. Türkmen halkynyň adamzat medeniýetiniň iň gadymy ojaklary hökmünde ykrar edilen Jeýtun, Altyndepe, Goňurdepe, Nusaý, Köneürgenç, Amul, Dehistan ýaly taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä taryhynda we medeniýetinde mynasyp orny eýeleýär.
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyz “Hakyda göwheri” atly kitabynda “Türkmenler öz milli däpdessurlaryny, medeni gymmatlyklaryny saklap we gorap gelýän halkdyr” diýmek bilen, türkmen halkynyň adamzat taryhynyň ösüşine hem-de galkynyşyna möhüm täsirini ýetiren ajaýyp döwürleri we dünýäniň ylym merkezine öwrülen Beýik Seljuklar döwleti, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Horezmşalar döwleti barada ylmy maglumatlary beýan edýär. Serkerde-mugallymlar hem-de harby talyplar Gahryman Arkadagymyzyň şöhratly taryhymyzy hem-de taryhy-medeni ýadygärliklerimizi öwrenmegiň ähmiýetiniň uludygyna aýratyn üns berendigini nygtadylar. Raýat goranyşy fakulteti tarapyndan geçirilen bu çärede Alym Arkadagymyzyň kitabynyň adamzat taryhynyň has gadymy döwründen bäri türkmen edebiýatynyň dünýä edebiýaty bilen aýrylmaz baglanyşykda ösendigini görkezýän “Oguznama” eserleri, oguz ýörelgeleri, taglymatlary barada öňe sürülýän täze ylmy garaýyşlar türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň kämil bolandygyny barada nygtadylar. Hususan hem kitapdaky “Özüňden beýgelip, il bolunýar, iliňden beýgelip, halk bolunýar, halkyňdan beýgelip, dünýä bolunýar”, “Ynsana öz Watanyny söýmekden uly bagt ýokdur”, “Iň belent söýgi Watan söýgüsidir”, “Watanyň ykbaly bilen bagly ýaşaýyş durky bilen mähribanlykdyr” ýaly pähimli jümleleri ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynda “Ýaşlarda geçmişimize söýgi döretmek, olary halkyň, Watanyň bähbidine üstünlikleri gazanmaga taýýarlamak zerurdyr” diýen sözleri bilim edaralarynda mynasyp ýaşlary – geljekki hünärmenleri watansöýüjilik ruhunda taýýarlamagyň aýdyň ýörelgesi bolup hyzmat edýär.
Çäräniň soňy harby talyplaryň aýdym-sazly çykyşlaryna utgaşyp gitdi. Ýaňlanan aýdym-sazlar, okalan goşgy setirleri eziz Watanymyzyň asudalygynyň we parahatçylygynyň hatyrasyna beýik işleri durmuşa geçirýän, Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ýüzünde barha belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Belent Serkerdebaşymyza alkyş sözleri bolup ýaňlandy.
Mukam AKMÄMMEDOW, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň mugallymy, uly leýtenant.