Berkarar döwletiň bagtyýar talyp ýaşlary ýurdumyzyň ösüş ýolunda döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, watana wepaly, bilimli hem hünärli şahsyýetler bolup ýetişmek ugrunda jan edýärler. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň 1-nji ýyl talyplary Şamyrat Atabalow we Seýitnur Babahanow “Esger” gazetiniň sahypalarynda çap edilen çykyşlarynda bilim almaga bolan höweslerini, ýaşlaryň harby-hukuk ugrundaky mümkinçiliklerini, Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň ýaşlar üçin döredýän beýik mümkinçiliklerini beýan edýärler.
Bu çykyşlar ýaşlaryň döretmäge, öwrenmäge, özüni watana bagyşlamaga taýýardygyny, ýaş nesliň parasatly, jogapkärli we ylmy taýdan sowatly şahsyýet bolup ýetişýändigini görkezýär.
Neşir edilen makalada talyplaryň ýurek buýsançlaryny goşulan PDF-faylda görüp bilersiňiz.