Bilim — ýaşlygyň beýik ýolundaky ilkinji ädim!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara döwlet derejesinde edilýän aladalar möhüm ugurlaryň biri hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Şu ýagty zamanada täze nesliň wekilleriniň ýürekden aýdýan hoşallyk sözleri hem has täsirli we ruhlandyryjy bolup eşidilýär.

"Mugallymlar gazetiň" sahypalarynda çap edilen makalada Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Ajýeren Jumayewa talyp durmuşyna gadam basan ilkinji täsirleri bilen paýlaşýar, döredilýän giň mümkinçilikler üçin minnetdarlygyny bildirýär hem-de bilimiň ösüşiň we Watana wepalylygyň özenidigini nygtaýar.

Bu neşir ýaşlaryň Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda döredilýän giň mümkinçiliklerden ruhlanyp, Watanymyzyň gülläp ösüşine mynasyp goşant goşmak baradaky çyn ýürekden islegleriniň aýdyň subutnamasydyr.

Neşir edilen makalada talybyň ýurek buýsanjyny goşulan PDF-faylda görüp bilersiňiz.