Halkara arenadaky ýeňişler — ýaş türgenleriň buýsanjy

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda ýaşlaryň gazanýan üstünlikleri diňe bir şahsy ýeňiş hökmünde däl, eýsem sport, bilim we halkara hyzmatdaşlyk babatda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünlikli netijesi hökmünde kabul edilýär.

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň resmi neşiri bolan «TÜRKMENIŇ ÝÜPEK ÝOLY» gazetinde çap edilen bu makalada Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplarynyň halkara sport ýaryşlarynda gazanan üstünliklerine giň orun berilýär. "TÜRGENLERIMIZE GUWANÝARYS" atly makalanyň awtory — institutyň Talyp sport klubynyň başlygy Maksat ORAZOW, ýaş pälwanlaryň Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen Aziýanyň çempionatyndaky ýeňişleri bilen okyjylar bilen paýlaşýar.

Makalada sport diplomatiýasynyň ähmiýeti, ýaşlaryň döwlet derejesindäki goldawy bilen halkara arenalarda gazanýan üstünlikleri we sport arkaly ýurduň abraýynyň dünýäde has-da beýgelýändigi aýratyn nygtalýar.

Neşir edilen makalany goşulan PDF-faylda görüp bilersiňiz.