ÝARYŞYŇ ÝEŇIJILERI

2025-nji ýylyň mart aýynyň 12-sinden 16-sy aralygynda sportuň tennis görnüşi boýunça 2012-nji ýylda doglan we ondan uly ýaşly oglan-gyzlaryň arasynda geçirilen  Aşgabat şäheriniň çempionatynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň “Elektrik üpjünçiligi” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Hanow Merdan jübütleýin görnüşi boýunça çykyş edip, I orna, ýekeleýin boýunça III orna mynasyp boldy, şeýle hem institutymyzyň Ýol gurluşygy fakultetiniň “Awtomobil ýollarynyň we uçuş meýdançalarynyň gurluşygy” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Çaryýew Eziz jübütleýin görnüşi boýunça I orna mynasyp boldy.

“Bedenterbiýe” kafedrasynyň  uly mugallymy M.Ödekowa