TALYPLARYMYZYŇ DERS BÄSLEŞIGINDE GAZANAN ÜSTÜNLIKLERI

             2025-nji ýylyň mart aýynyň 10-15-i aralygynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Nazary mehanika” dersi boýunça IV Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Bilim özgertmeleri öz oňyn netijelerini berýär. Halkara internet olimpiada Türkmenistanyň sanly bilim ulgamynda gazanan netijelerini, ýaşlaryň innowasion tehnologiýalaryny ulanmakda ukyp başarnyklaryny görkezýär, şeýle hem Milli ykdysadyýetiň durnukly ösýän şertlerinde bilim tehnologiýalaryny netijeli ulanmaga, zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam berýär.

       Halkara internet olimpiadasy 5 gün dowam edip, jemleýji güninde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň “Kartografiýa we geoinformatika” taýýarlygy ugrunyň 2-nji ýyllyk talyby Kyýas Gyzylow toparlaýyn bäsleşikde 2-nji orna mynasyp boldy.

              Halkara internet olimpiadasynda ýeňiji bolan talyplar degişli diplomlar we höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglandy.