Garaşsyzlyk-döwletimiziň özeni: Talyplaryň we mugallymlaryň Aşgabat şäherindäki Garaşsyzlyk binasyndaky tejribe okuwy

          “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylan 2025-nji ýyl ähli türkmen halkymyzy, ylaýta-da, bagtyýar türkmen ýaşlaryny has-da tutanýerli zähmet çekmäge, ata  Watanymyzyň şanly sepgitlerine ýetmegine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrdy. 

          Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilenArkadagly Gahryman Serdarymyzyň peder ýolunymynasyp dowam etdirmegi bilen obalaryň we şäherleriň keşbi tanalmaz derejede özgerýär, paýtagtymyz dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwürýär hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylyp giň gerimli işler alynyp barylýar.

          2025-nji ýylyň 15-nji martynda Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Binagärlik” hünäriniň 5-nji ýyl talyplary “Binagärlik” kafedrasynyň mugallymy A. Myradowyň ýolbaşçylygynda Garaşsyzlyk binasynda göçme okuw tejribeligini geçdiler.
 

          Okuw tejribesiniň dowamynda talyplara Garaşsyzlykbinasynyň binagärlik çözgütleri, gurluşyk aýratynlyklary, inženerçilik ulgamlary we binalaryň peýdalanylyş aýratynlyklary barada giňişleýin düşündiriş berildi. Binanyň gurnama işleri, bezeg aýratynlyklary we döwrebap enjamlaşdyrylyşy boýunça talyplara tejribeli hünärmenler we mugallym tarapyndan maglumat berildi. 

          Tejribelikde talyplar özleriniň binagärlik taslamalarynda ulanyp biljek amaly maglumatlary topladylar. Şeýle-de Garaşsyzlyk binasynyň gurluşyk aýratynlyklary barada çuňňur tejribe gazanyp, binagärlik ugrunda bilimlerini artdyrdylar. 

          Netijede, bu okuw önümçilik tejribesi talyplar üçin örän netijeli bolup, talyplaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, olara ýurdumyzyň binagärlik ulgamynda alynyp barylýan giň gerimli işler bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döretdi hem-de talyp ýaşlar bu tejribeden uly täsirler alyp, özleriniň hünär ugurlarynda täze bilimleri we tejribeleri edinmek mümkinçiliklerini gazandylar.