TÜRKMEN DÖWLET BINAGÄRLIK-GURLUŞYK INSTITUTYNYŇ ÝOL GURLUŞYGY FAKULTETINIŇ MUGALLYMLARYNYŇ GURNAN GÖÇME OKUW SAPAGY

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek tagallalaryndan ugur alyp 2025-nji ýylyň mart aýynyň 15-ne Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze okuw binasynyň gurluşyk meýdançasynda Ýol gurluşygy fakultetiniň «Amaly geodeziýa» hünäriniň 4-nji ýyl talyplary bilen gurluşyk işlerinde geçirilýän geodezik işler bilen ýerinde tanyşlygy «Geodeziýa» kafedrasynyň mugallymlarynyň göçme okuw sapagyny geçirmek bilen giňişleýin düşündirdi.