“Zenanlar zeminiň güli” atly okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 11-nji martynda Aşgabat şäheriniň takyk we daşary ýurt derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 77-nji orta mekdepde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň mugallymlarynyň gatnaşmagynda “Zenanlar zemini güli” atly okuw maslahaty geçirildi.

Okuw maslahatda institutyň mugallymlary “Awtomobil ýollaryndaky emeli desgalarynyň gurluşyk aýratynlygy” atly tema boýunça çykyş edip, Eziz Diýarymyzyň ösüşlere eýe bolýan döwründe ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap ýollar we ulag geçelgeleri gurlup ulanylmaga berilmegi bilen ulag serişdeleriniň sanynyň yzygiderli artmagy awtomobil ýollaryndaky emeli desgalaryň gurulmagy we ulanmagy möhüm wezipe bolup durýandygyny belläp geçdiler.

Halkara we sebit derejesinde ulag – logistika ulgamyny ösdürmek, onuň häzirki zaman şertlerine görä hereket etmegini gazanmak üçin, Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Ýurdumyzda häzirki zaman ulag – üstaşyr logistik düzümler, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamynyň döwrebap görnüşi kemala getirilýär diýip mekdep okuwçylaryň dykgatlaryna ýetirildi.

Häzirki wagtda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arabaglanyşygyny has-da pugtalandyrmak we ýokary tehnologiýalary döretmek hem-de işlenip taýýarlanylan innowasiýalary işjeň ornaşdyrmak boýunça amatly şertler döredilýär.

Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň we Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!