2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çärelerine, şeýle hem “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar: durnukly ösüş arkaly parahatçylyk we ynanyşmak” Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriniň üçünji maslahatyna meýletinçi talyplary ýokary derejede taýýarlamak we bu maslahatyň taryhy ähmiýetini wagyz-nesihat etmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň 19-njy aprelinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Meýletinçiler merkeziniň gurnamagynda, “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler we olaryň ykdysady mümkinçilikleri” atly okuw seminary geçirildi.
Bu okuw seminaryna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty boýunça saýlanan meýletinçiler, wagyzçy mugallymlar we talyplar işjeň gatnaşdylar. Okuw seminarynda “Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriniň üçünji maslahatynyň taryhy ähmiýeti”, “Daşary ýurtly myhmanlar bilen söhbetdeşligi alyp barmagyň häzirki zaman usullary”, şeýle hem “Bitarap Türkmenistan – hoşniýetlilik, dostluk mekany” atly temalar boýunça çykyş edildi. Şeýle hem wagyzçy talyplaryň “Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň syýahatçylyk ulgamyndaky ähmiýeti” baradaky çykyşlary çuň mana eýe boldy. Bu okuw seminaryna diňleýji bolup gatnaşan meýletinçi talyplar özlerine gerekli möhüm maglumatlary aldylar.
Kümüş Allabaýewa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Diller” kafedrasynyň uly mugallymy, Meýletinçiler merkeziniň başlygy