Aşgabat şäheriniň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagyny üpjün etmek maksady bilen, häzirki wagtda 4 müň orunlyk köpugurly medeni merkeziň gurluşygy "Döwlet gurluşyk" hususy kärhanasy tarapyndan batly depginlerde alnyp barylýar.

2026-njy ýylyň 28-nji martynda bu gurluşyk meýdançasynda Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Senagat we raýat jaý gurluşygy” hünäriniň 3-nji ýyl talyplary üçin ýörite göçme okuw sapagy guraldy. Bu çäräniň esasy maksatlary:
Okuw sapagy kafedranyň tejribeli mugallymlary Y. Ataýewiň we M. Nuryýewiň ýolbaşçylygynda geçirilip, talyplar üçin diýseň täsirli we gyzykly boldu. Mugallymlar talyplara gurluşykda ulanylýan döwrebap tehnologiýalar we inženerçilik çözgütleri barada giňişleýin düşündiriş berdiler.

Şeýle sapaklar talyplaryň geljekde öz ugrundan kämil hünärmen bolup ýetişmeklerine, täze gurulýan binalaryň hiliniň we durnuklylygynyň üpjün edilmegine uly goşant goşýar.
