Ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “IT-Zehin: Sanly Synag – 2026” Hakaton bäsleşigi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “IT-Zehin: Sanly Synag – 2026” Hakaton bäsleşigi 2026-njy ýylyň 20-21-nji aprelinde online görnüşinde geçirilýär.

“IT-Zehin: Sanly Synag – 2026” Hakaton bäsleşigine 2025-2026-njy okuw ýylynda ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar gatnaşyp bilerler.

“IT-Zehin: Sanly Synag – 2026” hakaton bäsleşigine gatnaşmaga isleg bildirýän ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 2026-njy ýylyň 6-njy apreline çenli ýörite hasaba alyş formasyny şu salgydan ýükläp alyp, doldurmalydyrlar hem-de institutyň sedahojayev06@gmail.com elektron salgysyna ugratmalydyrlar.

Habarlaşmak üçin tel.: +99362665547 

(e-poçta: sedahojayev06@gmail.com)

“IT-Zehin: Sanly Synag – 2026” hakaton bäsleşigi guramak we geçirmek hakynda DÜZGÜNNAMA