Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binýadynda «Pearson Certiport» tarapyndan ygtyýarlandyrylan halkara synag merkezi döredildi.
Merkeziň esasy maksady talyplara, mugallymlara we dürli pudaklarda zähmet çekýän hünärmenlere öz bilimlerini hem-de amaly başarnyklaryny halkara derejesinde ykrar edilýän sertifikatlaşdyryş synaglary arkaly tassyklamaga mümkinçilik döretmekden ybaratdyr.
Halkara sertifikatlaşdyryş maksatnamalary maglumat tehnologiýalaryny, programmirlemegi, kiberhowpsuzlygy, binagärlik we inženerçilik taslamalaşdyryşyny, grafiki dizaýny, telekeçiligi, taslamalary dolandyrmagy we beýleki döwrebap hünär ugurlaryny öz içine alýar.
Sertifikatlaşdyryş ugurlary bilen tanyşyň!
Taýýarlanan maglumat beriş tanyşdyrylyşynda 22 tematiki ugur boýunça sertifikatlaşdyryş maksatnamalary, olaryň maksady, amaly ulanylyşy, degişli synaglar hem-de hünär mümkinçilikleri barada maglumatlar ýerleşdirildi.