Jemgyýetçilik iýmiti binalary: Talyplaryň we mugallymlaryň Aşgabat şäherindäki “Arkaç söwda we dynç alyş merkezi” binasynda geçirilen tejribe okuwy

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylan 2025-nji ýyl ähli türkmen halkymyzy, ylaýta-da, bagtyýar türkmen ýaşlaryny has-da tutanýerli zähmet çekmäge, ata  Watanymyzyň şanly sepgitlerine ýetmegine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrdy.   

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirmegi bilen obalaryň we şäherleriň keşbi tanalmaz derejede özgerýär, paýtagtymyz dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwürýär hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylyp  giň gerimli işler alynyp barylýar.

2025-nji ýylyň 15-njy aprel Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Binagärlik” kafedrasynyň mugallymy A.Ilmyradowyň ýolbaşçylygynda Aşgabat şäherindäki “Arkaç söwda we dynç alyş merkezi” binasynda göçme okuw tejribeligini geçdiler.

Bu saparyň maksady diňe binanyň ýagny naharhananyň daşky görnüşini görmeklik bilen çäklenmän, eýsem, naharlaryň taýýarlanyşy, myhmanlara hyzmat edilişi we edarany dolandyryş prosesleriniň nähili gurulandygyny gözegçilik etmeklikden durýar. Bu bolsa talyplaryň gelejekki çaýhana binasyny meýilleşdiriş işlerini taslamaklykda möhüm rol oýnaýar. Talyplaryň taslama işlerine başlamazyndan ozal, bu binanyň ýa-da edaranyň onuň hakykatda nähili ýerleşinligini dürli tejribelerde gördüler we göwrüm-meýilleşdiriş aýratynlyklaryny synladylar. Talyplar bu amalyýetde synlan edarasynyň gowy taraplaryny we kemçiliklerini öz pikirleri boýunça mälim etdiler. Mundan başga-da talyplar ölçeg işlerini geçirdiler,  her bir bölekleriň dizaýn aýratynlyklaryny, hem-de reňk sazlaşyklaryny synladylar.

Netijede, bu okuw önümçilik tejribesi talyplar üçin örän netijeli bolup, talyplaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, olara ýurdumyzyň binagärlik  ulgamynda alynyp barylýan giň gerimli işler bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döretdi hem-de talyp ýaşlar bu tejribeden uly täsirler alyp, özleriniň hünär ugurlarynda täze bilimleri we tejribeleri edinmek mümkinçiliklerini gazandylar.