“Bagtyýar zamananyň bagtly ýaşlary” atly maslahat geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda 2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde gurnamaklarynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “Bagtyýar zamananyň bagtly ýaşlary” atly maslahaty geçirildi. 


TDBGI


Maslahatyň çäklerinde institutyň giň eýwanynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna bagyşlanan sergi hem-de ylmy-taslama işleri boýunça şekil taslamalary ýaýbaňlandyryldy. Taýýarlanylan taslamalarda ösen binagärlik nusgasy bilen milli gymmatlyklarymyz sazlaşykly ýerine ýetirilipdir. Talyplar gözelligiň we ýyndamlygyň nusgasy bolan ahal-teke atlarynyň şekillerini buýsanç bilen eserlerinde beýan edipdirler. 


TDBGI


Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň, ýokary okuw mekdepleriniň binalary gurlup ulanylmaga berildi. Munuň ýaşlarymyzyň döwrebap bilim, terbiýe almaklarynda ähmiýeti ulydyr. 


TDBGI


Şeýle ýakymly, guwandyryjy wakalar ildeşlerimiziň göwün guşyny ganatlandyrýar, gazanylan uly üstünlikler we ösüşler her birimiziň kalbymyzy joşdurýar. 


TDBGI


Eziz Watanymyzy ykdysady, medeni we durmuş taýdan ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!


TDBGI


TDBGI


TDBGI


Baba Myratberdiýew
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 
Kärdeşler arkalaşyklary guramasynyň başlygy