2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, gatnaşmagynda institutyň 1,2,3-nji umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan talyp oglanlaryň arasynda düşündiriş-terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-ündew işleri geçirildi.
Geçirilen işleriniň dowamynda, talyplara Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2015-nji ýylyň 13 martynda çykaran №86 buýrugy bilen tassyklanan “Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň umumy ýaşaýyş jaýlary hakynda” Düzgünnamadan gelip çykýan talaplar, has takygy talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýynda tertip-düzgüniň berk berjaý edilmegini, arassa we rahat ýaşamaklaryny, okuw sapaklaryna özbaşdak taýýarlanmaklaryny we medeni-durmuş maksatly beýleki otaglarda (jemgyýetçilik otaglarda, naharhanalarda, hajathanalarda, ammarlarda, egin-eşik guradylýan otaglarda, sowadyjylarda (holodilnik) möhleti geçen iýmitleri saklamazlyklary we ş.m) gigiýenanyň talaplaryny berjaý etmeklerini, umumy ýaşaýyş jaýlarynyň elektrik enjamlaryny talabalaýyk ulanmaklaryny (öýjükli telefonlary we kompýuterleri elektrik geçirijilerinde üznüksiz goýmazlyk, biperwaýlyk esasynda ýüze çykýan nogsanlyklar, tefal we spirally enjamlaryny ulanmazlyk we ş.m), ýangyn howpsuzlygyny we köçe ýol hereketleriniň dügünlerini berk berjaý etmekleri (ýer üsti, ýer asty geçelgelerden peýdalanmak), suwy tygşytly ulanmak, umumy ýaşaýyş jaýynyň daş-töweregini arassa saklamak barada giňişleýin mysallary getirmek arkaly düşündiriş-terbiýeçilik işleri geçirildi.