“Hakyň we hakykatyň ýolunda”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim ulgamy hem-de ylmy-barlag işleri täze belentliklere çykarylýar. Türkmenistanyň Bilim ministriniň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidentiniň 2024-nji ýylyň 23-nji fewralynda çykaran bilelikdäki 15/56 belgili buýrugy bilen tassyklanan “Ýokary hünär bilimi edarasynda ylmy çäreleri geçirmegiň Tertibine” laýyklykda, 2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň guramagynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. “Çyzuw we materiallaryň garşylygy” kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Çarymyrat Taganowyň ýolbaşçylygynda geçirilen “Hakyň we hakykatyň ýolunda” atly bu ylmy-amaly maslahat Berkarar döwletiň täze eýýamynyň ruhuna, beýik maksatlaryna we döwrebap ylym-bilimiň ösüş ugurlaryna doly laýyklykda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. 2024-nji ýylyň — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen neşir edilen “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly kitap biziň ruhy dünýämizi baýlaşdyran beýik eserdir. Bu kitapda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredijilikli pikirleriniň, pähim-paýhasynyň şöhlelenmegi biz mugallymlarda aýratyn buýsanç we ruhubelentlik döredýär. Bu beýik başlangyçlar ýurdumyzda ylym-bilimiň, döredijiligiň we ruhy ösüşiň täze belentliklere çykýandygyny aýdyň görkezýär. Eziz Watanymyzyň röwşen geljegi üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys!