Inžener-mehanika fakultetiniň talyplary Bäherden keramiki önümler kärhanasynda göçme okuw sapagyny geçdiler

         Inžener-mehanika fakultetiniň mugallymlary we talyplary 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 9-yna Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän Bäherden keramiki önümler kärhanasynda göçme okuw sapagyny geçdiler. Göçme okuw sapagynyň dowamynda mugallymlar we talyp ýaşlar kärhananyň hünärmenleri bilen bilelikde bu ýerdäki ornaşdyrylan enjamlar barada birnäçe maglumatlary aldylar. Ýeri gelende aýtsak häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde medeni-durmuş maksatly döwrebap binalar, kuwwatly senagat kärhanalary, täze obalar, şäherler gurulyp ulanylmaga berilýär. Bir ýylda 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 müň sany sanfaýans önümini öndürmäge niýetlenen täze kärhana ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklary we ilatymyzy ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Kärhanada  dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň kämil enjamlarynyň ornaşdyrylmagy işleriň ýokary derejede alnyp barylmagyna, täze innowasion tehnologiýalar esasynda dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär. Mugallymlar we talyp ýaşlar kärhanada ýerleşdirilen Italiýanyň «SAСMI» kompaniýasynyň iň öňdebaryjy enjamlary bilen tanyşyp, önümçilik amallarynyň awtomatik usulda amala aşyrylyşy barada nazary we tejribe maglumatlary topladylar. Görnüşi ýaly taýýar önümleriň fiziki we himiki düzümi, şol sanda agramy, çyglylygy, suw siňdirijiligi, berkligi, syrçalama barlaglary awtomatiki usulda ýokary tehnologik enjamlar arkaly ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da talyp ýaşlar önümçilik desgasynyň ähli bölümlerinde robotlaşdyrylan daşaýjylaryň, awtomatiki konweýerleriň iş ýagdaýlary bilen tanyşdylar we “Senagat 4.0” çemeleşmesi esasynda gurlan Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň enjamlaryny giňişleýin öwrendiler. Munuň özi islendik önümçilige maglumat, emeli aň tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylyp, awtomatlaşdyrmak meselesine has hem içgin çemeleşmelidigi barada talyp ýaşlaryň öňünde anyk maksatlary goýdy. Göçme okuw sapagynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredip berilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny aýtdylar.