Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan ajaýyp üstünlikleriniň ähmiýetini wagyz-nesihat etmek hem-de dabaralandyrmak hakyndaky meýilnama laýyklykda, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Talyplar sport klubynyň we Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň gurnamaklarynda instututyň professor-mugallymlarynyň arasynda sportuň küşt we şaşka görnüşleri boýunça fakultetara ýaryşlary geçirildi. Ýaryşyň ýeňijilerine institutyň Kärdeşler arkalaşygy guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Sport bäsleşikleri has şowhunly, dabaraly we çekeleşikli geçip, sportuň Küşt görnüşi boýunça:
1-nji orna Inžener-mehanika fakultetiniň “Amaly mehanika” kafedrasynyň mugallymy Nuraly Nepesow;
2-nji orna Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň “Ýokary matematika” kafedrasynyň dosenti Jumageldi Alimow;
3-nji orna Raýat goranyşy fakultetiniň “Gurluşyk işleriniň raýat goranyşy” kafedrasynyň müdiriniň w.ý.ý, mugallym Döwlet Sapardurdyýew;
sportuň Şaşka görnüşi boýunça:
1-nji orna Raýat goranyşy fakultetiniň “Gurluşyk işleriniň raýat goranyşy” kafedrasynyň müdiriniň w.ý.ý, mugallym Döwlet Sapardurdyýew;
2-nji orna Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň uly mugallymy Kadyr Seýitnyýazow;
3-nji orna Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Bedenterbiýe” kafedrasynyň uly mugallymy Öwezgeldi Gurbanow dagylar mynasyp boldular.
Bu sport çäreleri hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda raýatlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak üçin alnyp barylýan işleriň aýdyň subutnamasydyr.