“Watan mukaddesligi” atly muzeýi

“Watan mukaddesligi” muzeýinde geçirilen bu sapak talyplaryň kalbynda aýratyn joşgun döretdi. Watan – diňe bir ýaşaýan ýerimiz däl, ol biziň geçmişimiz, şu günümiz we ýagty geljegimizdir. Onuň mukaddesligi ata-babalarymyzyň gan-döwranly taryhyndan, olaryň mertliginden, sabyrlylygyndan gözbaş alýar.

Muzeýde ýerleşdirilen her bir taryhy şaýatlyk ýaşlara şeýle bir çuňňur many berýär: Watan diňe goralmaly däl, eýsem ösdürilmeli, beýgeldilmeli gymmatlykdyr.

Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetinde bilim alýan talyplar üçin bu sapak aýratyn ähmiýetli boldy. Çünki döwrebap tehnologiýalary ösdürmek, sanly ulgamlary kämilleşdirmek, gurluşyk we binagärlik pudagyna täze innowasiýalary ornaşdyrmak hem Watana hyzmat etmegiň bir görnüşidir.

Göçme okuw sapagy ýokary derejede guraldy we öz maksadyna ýetdi. Talyplar diňe bir nazary bilimlerini baýlaşdyrman, eýsem watançylyk ruhuny hem has-da güýçlendirdiler. Şeýle çäreler ýaş nesliň milli aňynyň kemala gelmeginde, olaryň jemgyýetçilik jogapkärçiliginiň artmagynda möhüm orun eýeleýär.