XV Spartakiada: Ussatlygyň we mugallymlar agzybirliginiň dabarasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda geçirilen “Türkmenistan-ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XV Spartakiada ýaryşlarynda sportuň suwda ýüzmek, stoluň üstünde oýnalýan tennis (erkekler), stoluň üstünde oýnalýan tennis (zenanlar), küşt (erkekler), küşt (zenanlar), şaşka (erkekler), şaşka (zenanlar), düzzüm (erkekler), düzzüm (zenanlar), basketbol (erkekler), woleýbol (erkekler) görnüşleri boýunça toparlaýyn I oruna mynasyp bolmaklary mynasybetli ýeňiji bolan professor-mugallymlaryny institutyň Kärdeşler arkalaşygy guramasy tarapyndan sowgatlandyrmak dabarasy geçirildi.


TDBGI


Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, eziz Watanymyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrüldi. Ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda nurana geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň döwrebap derejede bilim almagy, dünýäniň ylym giňişligine aralaşmagy, halkara sport bäsleşiklerine we olimpiadalaryna gatnaşmagy üçin giň gerimli işler alnyp barylýar.


TDBGI


Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy parahatçylygyň we gülläp ösüşleriň mekanyna öwren türkmen halkynyň Milli Lideri-Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp hem üstünlikli dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, röwşen ömürleriniň uzak, il-ýurt we tutuş adamzat bähbitli tutýan tutumly işleri mydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!


TDBGI


TDBGI


TDBGI


TDBGI


TDBGI


TDBGI


Baba Myratberdiýew
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy