TÜRKMEN DÖWLET BINAGÄRLIK-GURLUŞYK INSTITUTYNYŇ UMUMY ÝAŞAÝYŞ JAÝLARYNDA ÝAŞAÝAN TALYPLARYŇ ARASYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2026-njy ýylyň fewral aýynyň 16-syna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň uly mugallymlary Kurbangözel Akmyradowa, Amangül Jumadowa,  mugallym Merjen Baýramgulyýewa  tarapyndan institutymyzyň 1-nji, 2-nji we 3-nji umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýan talyplaryň arasynda Daşary ýurt dilleri: Global hyzmatdaşlygyň we düşünişmegiň esasy açary”  atly wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi.  

Dilleri öwrenmek — bu döwrebap ösüşiň we halkara hyzmatdaşlygyň açarydyr. Global dünýäde dil bilmek strategik serişde hökmünde garalýar. Mugallymlaryň belleýşi ýaly, daşary ýurt dilleri diňe bir gürleşmek üçin däl, eýsem ykdysady we medeni gatnaşyklary täze sepgitlere çykarmak üçin zerurdyr.

Şeýle çäreler talyplaryň daşary ýurt dillerine bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrmaga uly goşant goşýar.