Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda talyp gyzlaryň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilşini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim Ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi Geňeşiniň yglan eden “Talyp gözeli- 2026” atly gözellik bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşik institutyň Jemgyýetçilik guramalary tarapyndan gurnaldy. Guramaçylykly geçen bu bäsleşige:
Institutyň “Bagtyýarlyk binasy” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy, Halkymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlar ýerine ýetirildi.

Bäsleşikde baş baýraga Inžner-mehanika fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Läle Gylyçdurdyýewa, baýrakly 1-nji orna Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Aýlar Agajanowa mynasyp boldy. Bäsleşige gatnaşan gyzlar Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň gymmat bahaly sowgatlary we institutyň hormat hatlary bilen sylaglandylar.
Taýýarlan: Gurbangözel Gulamowa
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Ilkiji zenanlar guramasynyň başlygy