Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Garaşsyz, baky Bitatap Türkmenistan - bedew batly at-myradyñ mekany” ýylynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň mugallymlary hem-de talyplary “Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurluşygy alnyp barylýan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk meýdançasynda göçme okuw sapagyny geçdiler.

Göçme okuw sapagynyň dowamynda talyplar beton guýulýan ýerlerde elektrik ulgamynyň topraklama işleriniň geçirilişi we düzgünleri, boýy ýeten binalarda bolsa ýagtylandyryş ulgamynyň ýerine ýetirilişi, desgalaryň içki elektrik üpjünçiligi, ýagny yşyklaryň ýerleşdirilişi, iýmitleýji nokatlarynyň ýerleşdirilişi ýaly işler bilen tanyş boldular.

“Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasynyň hünärmenleri bilen geçirilen söhbetdeşlikde talyplar iň täze gurluşyk tehnologiýalaryny ulanmak, gurluşyk materiallary, häzirki zaman gurluşykda akylly öý ýaly meseleler bilen hem içgin gyzyklandylar.