Fewral aýynyň 21-ne “Kompýuter tehnologiýasy we ulgamlary” kafedrasynyň mugallymy Tyllagözel Nurmyradowa Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda “AR (Augmented reality), VR (Virtual reality) tehnologiýalary” ady bilen seminar okuwyny geçirdi. Seminaryň dowamynda talyplary tehniki serişdeler bilen döredilen bir dünýä bolup durýan we adama duýujylyk organlary: görüş, eşdiş, we başgalar arkaly geçýän hyýaly hakykat hem-de biziň görýän hakyky wagtdaky fiziki dünýänimizi haýsydyr bir sanly enjamlar arkaly -planşetler, smartfonlar, we başga-da programa bölümleri arkaly doldurýan gurşaw bolan doldurlan hakykat bilen golaýdan tanyşdyrdylar. Geçirilen seminar okuwy talyplarda 3D obýektleri, modelleri hem-de animasiýalary döretmäge uly hyjuwy oýarmagy we bu ugurda gyzyklandyrma döretmegi başardy hem-de AR, VR tehnologiýalary peýdalanmak bilen bagly soraglara mugallym bilen özara sorag-jogap alyşmak arkaly jemlendi.