Inžener-mehanika fakultetiniň dosenti A.Penjiýew “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy” atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglandy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Inžener-mehanika fakultetiniň “Önümçiligi awtomatlaşdyrmak” kafedrasynyň dosenti A.Penjiýew “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy” atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglandy. 2025-nji ýylyň dekabr aýynyň 22-sine fakultetiň professor-mugallymlarynyň we institutyň Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy B.Myratberdiýewiň gatnaşmagynda fakultetde A.Penjiýewi alan ýokary derejedäki sylagy bilen gutlamak dabarasy geçirildi.


TDBGI


Dabarada B.Myratberdiýew we professor-mugallymlar A.Penjiýewiň talyp ýaşlara bilim-terbiýe bermekde, ylmy işleri alyp barmakda ýerine ýetirýän  işleri barada giňişleýin bellediler we alan sylagy bilen tüýs ýürekden gutladylar.


TDBGI


Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ylym-bilim ulgamyna aýratyn üns berýän we bilim işgärleriniň alyp barýan işlerine ýokary derejede baha berýän hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan sagbolsunlaryny aýtdylar.