2025-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Mejlisler jaýynda 2025-2026-njy okuw ýylynyň dowamynda halkara we döwlet derejesinde geçirilen ders bäsleşiklerine we sport ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolan talyplara, şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda bilim ulgamynda çeken döredijilikli zähmetleri, bilim işini häzirki zamanyň ösen talaplary esasynda ýokary derejede guramakda, bilimiň mazmunyny has-da baýlaşdyrmakda, hilini ýokarlandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin işine ussat halypalar, göreldeli işleýän mugallymlar sylaglanyldy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlaryň ylymly, bilimli we giň dünýägaraýyşly ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
