“Hoş geldiň täze ýyl, salam täze ýyl” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkimligi bilen bilelikde gurnamagynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli “Hoş geldiň täze ýyl, salam täze ýyl” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu aýdym-sazly dabara Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň halypa mugallymlary we talyp ýaşlary hem-de Berkararlyk etrabynyň häkimliginiň işgärleri we häkimligiň garamagyndaky edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.


TDBGI


Baýramçylyk dabarasynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Bagtyýarlyk binasy” aýdym-saz we tans toparynyň aýdymçylary we ýurdumyzyň belli aýdymçylary hoş owazly aýdymlary bilen çykyş etdiler. Aýdym-sazlar, joşgunly tanslar, ýörite taýýarlanan baýramçylyk çykyşlary dabaranyň şowhunyny belende göterdi. Joşgunly owazlar, halk aýdym-sazlary hem-de estrada çykyşlary bir bitewi sazlaşygy emele getirip, dabaranyň şüweleňini artdyrdy we hemmelerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Olarda täze ýyl baýramçylygynyň şowhuny şeýle hem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň başlangyçlary esasynda eziz Watanymyzyň bedew batly özgerişleri, şowly üstünlikleri giňişleýin beýan edildi. 


TDBGI


Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, talyp ýaşlaryň ýokary medeniýetli, ruhubelent, watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.


TDBGI


TDBGI


Taýýarlan: Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ylym bölüm