Türgen talyplaryň üstünligi

2025-nji ýylyň 20-21-nji dekabry aralygynda atletika sportynyň armrestling görnüşi boýunça Türkmenistanyň Kubogyny  almak boýunça  Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde geçirilen ýaryşda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyplary Ataýew Bakymuhammet 60kg.agram derejesinde çykyş edip 1-nji orun altyn medala, Geldimyradow Saparmyrat   55 kg.agram derejesinde çykyş edip 3-nji orun bürünç medala mynasyp boldylar.