Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Umumy himiýa” kafedrasynyň gurnamagynda Himiýa senagatynyň ösüşi barada usuly amaly maslahaty geçirdi

“Ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda bilim boýunça özara hyzmatdaşlygy üpjün etmek hakynda” Türkmenistanyň Bilim Ministrliginiň 2022-nji ýylyň 7-nji martyndaky 77 belgili buýrugyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna berkidilen Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebine okuw-usuly goldaw bermek üçin özara hyzmatdaşlygy üpjün etmek boýunça 2025-2026-njy okuw ýylynda ýerine ýetirmeli işleriň iş meýilnamasynyň çäklerinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamynda kämil hünärmenleri taýýarlamak barada berýän tabşyryklaryny durmuşa geçirmek, şeýle hem “Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasy esasynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Umumy himiýa” kafedrasynyň gurnamagynda 2025-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi bilen Himiýa senagatynyň ösüşi barada okuw-usuly maslahaty geçirildi.