“Hoş geldiň, täze ýyl gözel Diýara” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäher komiteti we “Arkadag” teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamagynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli “Hoş geldiň, täze ýyl gözel Diýara” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu aýdym-sazly dabara Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň halypa mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Baýramçylyk dabarasynda institutymyzyň aýdym-saz topary hoş owazly aýdymlary bilen çykyş etdiler. Aýdym-sazlar, joşgunly tanslar, ýörite taýýarlanan baýramçylyk çykyşlary dabaranyň şowhunyny belende göterdi. Olarda täze ýyl baýramçylygynyň şowhuny şeýle hem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň başlangyçlary esasynda eziz Watanymyzyň bedew batly özgerişleri, şowly üstünlikleri giňişleýin beýan edildi. Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, talyp ýaşlaryň ýokary medeniýetli, ruhubelent, watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

               Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň

Ylym bölümi