2025-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň gurnamagynda “Bütindünýä Türki diller maşgalasy güni” mynasybetli Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda “Türkmen dili – Türki dilli medeniýetleriň ulgamynda” atly ylmy-amaly maslahaty onlaýn görnüşde geçirildi. Bu maslahatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň uly mugallymy Gurbangözel Akmyradowa “Sanly tehnologiýalaryň üsti bilen türkmen dilini öwrenmek” atly tema bilen çykyş etdi. Bu geçirilen ylmy-amaly maslahat ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda tejribe alyşmakda uly ähmiýete eýedir.
Ylym bölüminiň esasy hünärmeni
Gülnar TEKÄÝEWA