Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Hormatly Prezidentimiziň halkara sport ýaryşlarynda we ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan talyp ýaşlara hem-de olaryň halypa mugallymlaryna, tälimçilerine sylaglary gowşurmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary Hormatly Prezidentimiziň şa serpaýyna mynasyp bolan institutyň işgärini we talyplaryny gyzgyn garşy aldylar.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Kompýuter hasaplaýyş merkeziniň operatoty, sportuň sambo we söweş Jiu-jitsu görnüşleri boýunça Baş tälimçisi Kemal Meredow Hormatly Prezidentimiz tarapyndan sowgat berlen 2025-nji ýylda goýberilen, ak reňkli «Toyota Camry HEV 2.5L» kysymly ýeňil awtoulagynda institutynyň binasyna gelmegi, ýatdan çykmajak dabaraly pursatlary bilen tapawutlandy.

Institutyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Şihberdi Rahmanow, Ýol gurluşygy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Annagurt Amanmyradow we Inžener-mehanika fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Parahat Rahmanow Halkara derejeli sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolandygy hem-de Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Batyr Öwezmyradow daşary ýurtlarda Halkara derejede geçirilen ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolandygy bilen baglanyşykly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şa serpaýyna mynasyp boldular.
Ajaýyp waka mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Mejlisler jaýynda Hoşallyk maslahaty geçirildi. Hoşallyk maslahatynda çykyş eden professor-mugallymlar Watanymyzda ähli ugurlar bilen birlikde, ylym-bilim, sport ulgamlarynyň döwrebap derejede ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini, ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde möhüm ähmiýet berilýändigini, täze tehnologiýalar, bilimler we innowasiýalar esasynda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek babatda giň mümkinçilikleriň döredilýändigini, bu ugurda degişli maksatnamalara, konsepsiýalara, strategiýalara, milli we öňdebaryjy tejribelere laýyklykda, özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bellediler. Şeýle-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir gününiň bilim ulgamynda hem döredijilik üstünliklerine, şanly wakalara beslenip, ýurdumyzyň täze taryhyna ajaýyp sahypalaryň ýazylýandygyny nygtadylar.
Hoşallyk maslahatynda Hormatly Prezidentimiziň şa serpaýyna mynasyp bolan institutyň işgäri we talyplary ýürek buýsançlaryny aýtdylar, şeýle üstünlikleriň sakasynda duran hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan edip, geljekde-de Watanymyzyň dünýädäki abraýyny belende götermek ugrunda ähli ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Taýýarlan: Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ylym bölümi