Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, şeýle-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýanyndaky Dilleri okatmak boýunça Utgaşdyryjy geňeşiň 2025-nji ýyl üçin tassyklan meýilnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty tarapyndan 2025-nji ýylyň 6-njy dekabrynda hünäri dil taýýarlygy bolmadyk Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurt dillerini okadýan mugallymlarynyň arasynda “Dil halklary jebisleşdirmegiň we ynanyşmagy berkitmegiň möhüm serişdesidir” atly onlaýn okuw-usuly maslahaty geçirildi. Bu usulyýet maslahatynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Diller” kafedrasynyň mugallymy Nabat Garryýewa “The role of idioms in improving the communicative skills” atly tema boýunça çykyş etdi. Şeýle-de, usulyýet maslahatyna Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit-gaz uniwersitetiniň mugallymlary gatnaşdylar hem-de daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan giň gerimli işler barada gürrüň etdiler. Jemläp aýdanymyzda, usulyýet maslahaty dürli garaýyşlary, pikirleri ara alyp maslahatlaşmaga uly mümkinçilik döretdi.