“Ekologiýa we ynsan saglygy” atly sanly ulgam arkaly ylmy-amaly maslahat geçirildi

“Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitleri şöhlelendirýän, şeýle hem adam saglygyna bagyşlanan we sagdyn-durmuş ýörelgelerini ündeýän gymmatly eserlerini wagyz-nesihat etmek boýunça Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Meýilnamasyny” ýerine ýetirmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň 5-nji dekabrynda institutyň “Senagat ekologiýasy” kafedrasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly “Ekologiýa we ynsan saglygy” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Senagat ekologiýasy” kafedrasynyň uly mugallymy Ogulbagt Orazdurdyýewa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň “Senagat ekologiýasy” kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Ogulbibi Annamyradowa,  Türkmen Oba hojalyk institutynyň “Bagbançylyk we gök  ekerançylyk” kafedrasynyň mugallymy Ogulgerek Garýagdyýewa, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň “Ekologiýa we umumy himiýa” kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Maksat Apbekow, şeýle-de Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň “Hünäri dersler” boýunça umumy bölüminiň agzasy, himiýa  mugallymy Maýa Artykowa dagylar çykyş etdiler.

Olar öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň adam saglygyna bagyşlanan we sagdyn-durmuş ýörelgelerini ündeýän kitaplarynda ynsanyň baş baýlygy saglyk barada aýdan gymmatly wagyz-nesihatlaryndan giňişleýin gürrüň berdiler.

                                              

 Ylym bölüminiň esasy hünärmeni

Gülnar TEKÄÝEWA