Talyplaryň nazarýetda alan bilimlerini önümçilik bilen baglaşdyryp geçmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň “Metallary işläp bejermegiň tehnologiýasy” kafedrasynyň mugallymlary “Metallary basyş bilen işläp taýýarlamak” hünäriniň talyplary bilen gurluşygy alynyp barylýan institutyň täze binalar toplumynda göçme okuw sapagyny geçirdiler. Talyplar täze binalar toplumynda uly depgin bilen alynyp barylýan gurluşyk işleri, şeýle hem elektrik işleri bilen tanyşdylar. Göçme okuw sapagynyň dowamynda talyp ýaşlar gurluşyk meýdançasynda “Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhanasynyň degişli hünärmenleri bilen özara pikir alyşdylar.
