2025-nji ýylyň 4-5-nji dekabrynda Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek, bilim gözegçiligi amala aşyrmak maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň gurnamagynda ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “CodeMaster 2025” atly Hakaton bäsleşigi onlaýn görnüşinde geçirildi.
Bu bäsleşige ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň 17 sanyndan talyplar gatnaşdylar.
Bäsleşigiň netijelerini aşakdaky salgydan görüp bilersiňiz.