2025-nji ýylyň dekabr aýynyň 1-ine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň uly mugallymy Amangül Jumadowa we mugallymlar Enegül Begliýewa, Bahar Orazowa tarapyndan institutymyzyň 1-nji, 2-nji we 3-nji umumy ýaşaýyş jaýlarynda “Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň şahsyýet ösüşine täsiri” atly wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi.
Çäräniň dowamynda mugallymlar, daşary ýurt dillerini öwrenmek diňe bir täze sözleri we grammatikany özleşdirmek däl-de, eýsem, şahsyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm ýoludyr we daşary ýurt dilleri adamyň kämil hünärmen we giň dünýägaraýşyly raýat bolup ýetişmegine uly itergi berýär diýip öz çykyşlaryny jemlediler.
Şeýle çäreler talyplaryň daşary ýurt dillerine bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrmana uly goşant goşýar.