“TÜRKMENISTAN – PARAHATÇYLYGYŇ, ABADANÇYLYGYŇ MIZEMEZ ÝURDY” ATLY AÝDYM-SAZLY TEGELEK STOL DUŞUŞYGY

2025-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyň Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň gurnamagynda “Türkmenistan – parahatçylygyň, abadançylygyň mizemez ýurdy” atly aýdym-sazly tegelek stol duşuşygy geçirildi. Bu aýdym-sazly tegelek stol duşuşygy “Altyn asyr – Türkmenistan” teleýaýlymy tarapyndan institutyň mugallymlary O.Orazdurdyýewanyň, Ş.Mahmydowanyň, A. Akmuhammedowyň şeýle hem G.Hydyrowyň gatnaşmaklarynda ýazga geçirildi. Ýurdumyzyň hemişelik Birataplygynyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanýan ýylynda milli ykdysadyýetimizde, ulag-kommunikasiýa, gurluşyk we senagat toplumynyň ösüşleri, ýetilen sepgitleri, ýaşlaryň döredijilikli zähmetleri barada giňişleýin söhbetdeşlik etdiler.


TDBGI


Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň toýlanýan günlerinde Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza Özbegistan döwletiniň ýokary sylagy bolan ýokary derejeli “Dostluk” ordeni hem-de Gazagystan döwletiniň iň ýokary sylagy bolan “Altyn Kyran” ordeni bilen sylaglanmagy tutuş türkmen halkymyzy buýsandyrdy. Söhbetdeşlik duşuşygynyň dowamynda institutyň “Bagtyýarlyk binasy” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzyň ajaýyp tebigatyny, gurulýan beýik binalaryny, gazanylýan üstünliklerini wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy.


TDBGI


Duşuşygyň ahyrynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin egsilmez alkyş aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.


TDBGI


Baba Myratberdiýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyň
Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy