“Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitleri şöhlelendirýän, şeýle hem adam saglygyna bagyşlanan we sagdyn-durmuş ýörelgelerini ündeýän gymmatly eserlerini wagyz-nesihat etmek boýunça Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Meýilnamasyny” ýerine ýetirmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň 27-nji noýabrynda institutyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň gurnamagynda talyp ýaşlaryň arasynda “Saglyk sakasy – baýlyk” atly okuw-terbiýeçilik seminary geçirildi.
Bu geçirilen seminarda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň mugallymlary Ogulbagt Orazdurdyýewa we Güýçmyrat Hydyrow çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň adam saglygyna bagyşlanan we sagdyn-durmuş ýörelgelerini ündeýän kitaplarynda ynsanyň baş baýlygy saglyk barada aýdan gymmatly wagyz-nesihatlaryndan giňişleýin gürrüň berdiler.
Ylym bölüminiň esasy hünärmeni
Gülnar TEKÄÝEWA