2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 25-ine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň uly mugallymlary Baýramtäç Oraztaganowa, Kümüş Allabaýewa we mugallym Gülnabat Allanazarowa tarapyndan institutymyzyň 1-nji, 2-nji we 3-nji umumy ýaşaýyş jaýlarynda “Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň döredijilik ukyplaryna täsiri” atly wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi.
Çäräniň dowamynda mugallymlar, daşary ýurt dilleri öwrenmegiň döredijilikli we çeper pikirlenmäge oňyn täsir edýändigini aýtdylar. Ylym-bilimi öwrenmek bilen bir hatarda, innowasion we döredijilikli pikirlenmek başarnyklaryny ele almak, döwriň talabydyr. Mugallymlar döredijilik-bu täze ylmy-barlag taslamalaryny döretmegiň we ýokary bilimi ösdürmegiň açarydyr, diýip öz çykyşlaryny jemlediler.
Şeýle çäreler talyplaryň daşary ýurt dillerine bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrmana uly goşant goşýar.