2025-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň gurnamagynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylmagy hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda “Döwrebap bilim: milli miras we innowasion tehnologiýalar” atly onlaýn ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Bu maslahatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň mugallymy Nabat Garryýewa “Ylmy-tehniki edebiýatyň terjimesiniň leksiki aýratynlyklary” atly tema bilen çykyş etdi. Bu geçirilen ylmy-amaly maslahat ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda tejribe alyşmakda uly ähmiýete eýedir.
Ylym bölüminiň esasy hünärmeni
Gülnar Tekäýewa