Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň mugallymlary Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň gurnamagynda sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşdylar

2025-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň gurnamagynda 2025-nji "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly", Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Bütindünýä Durnukly ulag güni mynasybetli “Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny” atly Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Bu halkara maslahatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Senagat ekologiýasy” kafedrasynyň müdiriniň w.ý.ý., uly mugallym Bägül Ataýewa “Durnukly ösüş strategiýasynda emeli aňyň orny” we “Diller” kafedrasynyň uly mugallymy Kümüş Allabaýewa “Bitarap Türkmenistanda ulag diplomatiýasynyň ösüşiniň aýratynlyklary” atly temalary bilen çykyş etdiler.  

 

Ylym bölüminiň esasy hünärmeni

 Gülnar TEKÄÝEWA.