Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamynda kämil hünärmenleri taýýarlamak barada berýän tabşyryklaryny durmuşa geçirmek, şeýle hem “Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasy esasynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň“Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy” we “Umumy himiýa” kafedralarynyň bilelikde gurnamagynda 2025-nji ýylyň 17-nji noýabrynda ýokary okuw mekdepleriň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda “Tehnogen galyndylaryndan we ýerli çig mallarymyzdan durmuş ähmiýetli önümleri almagyň tehnologiki usullary” atly onlaýn ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahata degişli ýokary okuw mekdepleriniň we Aşgabat gurluşyk orta hünärokuw mekdebiniň pedagogiki işgärleri hem-de mugallymlary gatnaşdylar. Ylmy-amaly maslahatyň Meýilnamasy esasynda ýokary okuw mekdeplerinden mugallymlar hem-de talyplar öz ylmy işleri boýunça çykyş etdiler. Seýle maslahatyň geçirilmegiýokary okuw mekdepleri bilen tejribe alyşmaga uly ýardam berer.